Habarlar

Hytaýyň Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy
6 Ýan
Hytaýyň Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow HHR-nyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bu ugurda şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda ähmiýetli senä gadam basylýandygy hem bellenilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryp häzir ösüş depginine kanagatlanma bildirdiler.

Diplomatlar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary has hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler, çünki taraplaryň bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleri bardyr.

Iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň DIM-niň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklary dikeltmek, şeýle-de ýurtlaryň ugurdaş düzüm birlikleriniň özara duşuşyklaryny geçirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzugy boldy.

Abraýly sebit hem-de halkara platformalarynda, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem-de halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Bu ugurda taraplar ikitaraplaýyn saparlar, edil şonuň ýaly-da köpugurly düzümleriň çäklerinde ýokary derejeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Sýan Naýçen Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik işiniň çygrynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.