Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
7 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň öňe ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli goşunyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durmalydygyny hem-de Türkmen döwletiniň harby-syýasy strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz ýakynlaşyp gelýän Watan goragçylarynyň gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi hem-de şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň belleniljek şanly 30 ýyllyk senesini mynasyp garşylamaga taýýarlyk görmäge başlamagy tabşyrdy.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýewe söz berildi. Ol geçen ýyl IIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berip, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini we durnuklylygyny saklamak, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen görülýän çäreleriň üstünde aýratyn durup geçdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipe ýüklenilen, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem serhet galalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, serhetçileriň söweşjeň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçen ýyl görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew 2020-nji ýylda milli kazyýet ulgamyny has-da ösdürmek, täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara alyp, dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýewe ýüzlendi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, hukuk tertibini pugtalandyrmakda, milli kanunçylygy we hukuk işini ýokarlandyrmakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin oňa «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly adyň dakylandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Mejlis bilen ylalaşyp, G. Hallyýewiň başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Guwançmyrat Ussanepesow bellenildi hem-de oňa ikinji hünär derejesi berildi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýewiň hasabaty diňlenildi. Ol geçen ýyl alnyp barlan işler, hususan-da, döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunylygyň berjaý edilişine amala aşyrylan gözegçilik, hukuk düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän köptaraply işler barada hasabat berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Türkmenistanda durnuklylygy, kanunçylygy we hukuk-tertibini saklamak boýunça geçen ýyl MHM-nyň amala aşyran işleri barada hasabat berdi.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şol kanunlar berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ygtybarly esas bolmalydyr.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow döwlet Baştutanymyza geçen ýyl ýerine ýetirilen işler, hususan-da, gullugyň işgärleriniň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak hem-de olaryň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada habar berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy, şeýle hem dünýä ýüzünde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, gümrük nokatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli döwürde amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini, ilatyň saglygyny we abadançylygyny goramak işinde gümrük gullugynyň işgärleriniň goşandyny belläp, geljekde hem gümrük hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga, serhetden geçýän ähli harytlary we ýükleri dessin we ykjam gözden geçirilmegini üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow çykyş edip, geçen 2020-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işiniň netijeleri hem-de milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini üstünlikli ilerletmekde möhüm orun eýeleýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň köpugurly işleri barada umumy hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýene-de bir gezek Harby doktrinanyň goranyş häsiýetine ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, doktrina diňe milli howpsuzlygyň berkidilmegini hem-de türkmen halkynyň döredijilikli we abadan durmuşynyň goragynda duran goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmagy ugur edinýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň asuda we bagtly durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.