Gümrük habarlary

Ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrmagyny goldamaga gönükdirilen işler
11 Ýan
Ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrmagyny goldamaga gönükdirilen işler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde oba hojalygynyň beýleki ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, ýyladyşhanalaryň ösdürilmegine hem badalga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň-telekeçilik düzümleriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde guran innowasion ýyladyşhana hojalyklarynyň ýene birnäçesi ýurdymyzyň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün edýärler. 

Mähriban Arkadagymyzyň telekeçilere we hususy kärhanalara berýän goldawy netijesinde diňe bir içerki bazarlarymyzy üpjün etmek bilen çäklenmän, indi daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

 «Nedir gala» hususy kärhanasy tarapyndan Ahal welaýatynyň çäklerinde guran innowasion ýyladyşhana toplumynda 2020-njy ýylyň dowamynda 501 tonna golaý ýokary hilli pomidorlary ýetişdirildi. Eksport etmek boýunça Russiýa Federasiýasy we Gazagystan Respublikasy ýaly ýurtlary bilen işler alnyp barylýar.