Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasywnyň Prezidentine gynanç bildirdi
11 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasywnyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo “Sriwijaýa Air” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň helekçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.



Döwlet Baştutanymyz halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.