Gümrük habarlary

“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti täze önümleri hödürleýär
28 Ýan
“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti täze önümleri hödürleýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri öz netijelerini berýär. Bu ugurda importuň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli görnüşli önümleriň uly tapgyrlarynyň öndürilmegi bilen ýurdumyz ösen senagat önümçiligiň mesgenine öwrülýär.

Şolaryň biri hem “Ak bulut” hojalyk jemgyýetidir. Bu kärhana 2020-nji ýyldan başlap gurluşyk harydy bolan ýokary hilli Gipsokarton listinden asma potoloklary oňa degişli profilleri we aksessuarlaryny öndürýär. Kuwwatlylygy ýylda 4000 000 m2 (kwadrat metr) öndürmäge mümkinçiligi bolan kärhanada häzirki wagtda 47-den gowrak hünärmenler zähmet çekýär. Kärhana Türkiýe we Hytaý döwletleriniň önümçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we önümçiligiň tehnologiki yzygiderliligi doly awtomatlaşdyrylandyr.

Bu görkezijiler örän guwandyryjydyr we olar täze maksatlary goýmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijilerine täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris!