Gümrük habarlary

“Türkmenistanda öndürilen” ýazgyly gurluşyk harytlary eksporta gidýär
11 Few
“Türkmenistanda öndürilen” ýazgyly gurluşyk harytlary eksporta gidýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly yolbaşçylygynda Berkarar dowletimizin bagtyýarlyk dowründe ata Watanymyz Türkmenistan ahli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykyar. Ýurdumyzda gurulýan we gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany barha köpelyar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly mumkinçilikleriniň bardygynyň alamatydyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanýandygy hem onuň güwanamasydyr.

Ýurdumyzyň telekeçileri hem milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diyen taglymatyndan ugur alyp, halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen binalaryň gurluşygyna uly howes bilen gatnaşýarlar. Olar yurdumyzda ýaýbaňlandyrýlan özgertmeler maksatnamalarynyň batyrgaý durmuşa geçirilmeginde barha işeňňirlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklaryna gin yol açylmagy hususyyetçileriň sanynyň artyp, olaryň arasyndaky bäsleşigi hem guýçlendirýär. Türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollarynda baý iş tejribesini topladylar.

“Lälezar zaman” hususy kärhanasy 2012-nji ýylda Mary welaýatynyn Baýramaly şäherinin çäginde öz işine başlap plastik önümlerinin birnäçe gôrnüşlerini öndürmekde ýöriteleçdirilen. Häzirki wagtda bu kärhanada:

- poliwinilhloritden asma profillerin potoloklaryn 300-den gowrak görnüşleri;  

- asma profilleriň plintuslarynyň 5 görnüşi;

- tuty karnizlaryň 2 we 3 zolakly görnüşi;

- plastik kabel geçirijileriň 6 ölçegdäki görnüşleri öndürilýär.

Bu kärhanada ýaş hünärmenleriň birnäçesi zähmet çekýär we önümler ýokary hilli döwrebap, täze tehnologiýalary ulanylyp we ýokary hilli önümlerini öndürilip we buýrujylaryň islegini kanagatlandyrylýar. 

“Lälezar Zaman” hususy kärhanasy öz taýýar önümelerini birnäçe ýurtlara eksporty amala aşyrýar. Kärhana öz önümlerine isleg bildiryän ýerli we daşary ýurt müşderileri bilen işewür gatnaşygy has-da giňeltýär .

Şeýle hem kärhana 2021-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda öz önümlerini Owganystan, Gazagystan, Azerbeýjan, Gruziýa we başgada birnäçe goňşy döwletlerimizden bolan hemişelik müşderileri bilen gatnaşyklary barha giňeýär.