Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy
16 Few
Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy

2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy, diýip TDH habar berýär.

Bu ýerde ýurdumyzyň içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi we onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimize uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny beýan edýän şekiller görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. 

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby gullukçylaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. 

Hormatly Prezidentimiz tutuşlygyna goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini we oňa sanly tehnologiýalaryň, täzeçil usullaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, beýleki ähli pudaklarda bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralarynda sanly tehnologiýalary ösdürmegi, halkara tejribe alyşmak babatda degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy, döwrebap tehnologiýalar boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hem-de harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralara degişli ýokary okuw mekdeplerinde okuw maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi, oňa halkara ösen tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň, aýratyn-da, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy barada aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, bu ugurda dünýäniň iň oňat tejribesiniň peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.