Gümrük habarlary

Hususy telekeçiligi ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça işewürlik maslahaty
15 Few
Hususy telekeçiligi ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça işewürlik maslahaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmegi, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa hem-de durmuş ulgamlaryny, hyzmatlaryň ýaýrawyny netijeli ösdürmegi, tebigy we senagat serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagy, daşary ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmagy, Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi baş wezipäni, ýagny ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýaşaýşyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde bazar-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işleriniň ähmiýeti uludyr.

Şolar bilen bir hatarda Telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýatynyň wekilleriniň we Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň işgärleri bilen bilelikde “Altyn tug” hususy kärhananyň ýyladyşhanasynyň edara binasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde, eksport kuwwatyny artdyrmakda we eksport etmekde döredilen ýeňillikler babatynda işewürlik duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan telekeçiligi ösdürmek barada berilýän kömek goldawlar barada, Gümrük gullugy tarapyndan girizilen täze kanunçylyk namalary, şeýle hem hususy kärhananyň önümçilik kuwwaty we geljekki meýilnamalary boýunça söhbetdeşlik geçirildi.