Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
17 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy, diýip TDH habar berýär.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy maksatlara hem-de bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salam aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan – Owganystan –Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek işini çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebit we halkara derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň özara gyzyklanmalaryny hem-de uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösýändigini nazara almak bilen, uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň has işjeň we netijeli işlemelidigini belledi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.