Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
18 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

2021-nji ýylyň 17-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi, diýip TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejesinde ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň ýokary derejesi nygtaldy hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine abraýly halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň hem-de beýlekileriň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy. 

Duşuşygyň dowamynda syýasy, diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda, obasenagat hem-de beýleki ulgamlarda bilelikde işlemekden ybaratdyr. 

DIM-niň ýolbaşçysy A.Kamilowyň nygtaýşy ýaly, Özbegistan türkmen Lideriniň öňe süren Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Şol başlangyçlar halkara üstaşyr ýük akymlaryny köpeltmäge, durnukly ösüşe, Merkezi Aziýa we serhetdeş sebitleriň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz we myhman döredijilik-ylmy işgärleriň yzygiderli duşuşyklaryny, Medeniýet günlerini, sergileri, konsertleri, festiwallary geçirmegiň üstünlikli tejribesini dowam etmek babatda bilelikdäki pikirlerini aýtdylar. Munuň özi umumy mirasyň goralyp saklanylmagyna hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä taryhynda we medeniýetinde uly yz goýan ajaýyp şahsyýetleriň, şol sanda Özbegistanyň beýik döwlet işgäri, ýazyjy Zahiriddin Muhammad Baburyň hormatyna şanly dabaralary bilelikde geçirmegiň wajypdygy nygtaldy. 

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, şol sanda iri halkara we sebit guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň yzygiderli ösüş depginine kanagatlanma bildirip, häzirki döwürde isleg bildirilýän ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin gatnaşyklary arkaly berkidilen ýörelgeler esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.