Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
23 Few
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2021-nji ýylyň 22-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy, diýip TDH habar berýär.

Ilki bilen wise-premýer Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde degişli arassaçylyk we abadançylyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine ünsi çekdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleri öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrmak ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berildi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy wezipesiniň ilaty dürli görnüşli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, welaýatlarda ýazlyk gök ekinlerine ideg edilişini, olaryň suwarylmagyny hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli görnüşli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine ýurdumyzyň telekeçileriniň goşandy barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň, bazarlarda ýokary hilli gök, bakja we miwe önümleriniň dürli görnüşleriniň ýeterlik mukdarda üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem azyk önümleriniň özümizden artýan bölegini eksporta ugratmak we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa we E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.