Habarlar

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
18 Few
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Düýn 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby bäsleşiginiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy, diýip TDH habar berýär.

Etrabyň “Bagtyýar zaman” obasynda geçirilen dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Medeniýet öýünde geçirilen dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Gutlag hatynda ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň örän möhümdigi bellenilýär. 

Watanymyzyň ähli künjeklerine täze durmuş ymykly aralaşýar. Olar gün-günden gözel keşbe eýe bolýar. S.A.Nyýazow adyndaky etrap hem munuň aýdyň subutnamasydyr, ol demirgazyk welaýatyň iri obasenagat merkezleriniň biridir. Geçen ýyl bu ýerde pagtanyň 41,5 müň tonnadan gowragy, bugdaýyň 32 müň tonna golaýy öndürilip, ýeralmanyň we beýleki ekinleriň bereketli hasyllary ýygnaldy. 

Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, etrapda döwrebap umumybilim berýän mekdepler hem-de çagalar baglary, stadionlar we sport mekdepleri, medeniýet öýleri, saglygy goraýyş edaralary açylyp, awtomobil ýollarynyň, elektrik hem-de suw geçiriji ulgamlaryň ençeme kilometri çekildi we durky täzelenildi. Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäginde ösen düzümli, durmuş amatlylyk derejesi boýunça şäheriň şertlerine ýakyn bolan döwrebap “Bagtyýar zaman” obasy guruldy.

Etrabyň ykdysadyýetinde hususy düzümler uly orun eýeleýär. Onuň çäginde telekeçiler tarapyndan ýyladyşhana hojalyklary gurlup, olaryň bir bölegi öz önümlerini daşary ýurtlara ugradýarlar. Bu ýerde tohum mallarynyň 500 sanysyny saklamak hem-de et-süýt önümlerini öndürmek üçin niýetlenen iri maldarçylyk toplumy hereket edýär. Telekeçileriň tagallalary bilen, guşçulyk toplumlary gurulýar, balyk ösdürilip ýetişdirilýär, oba hojalyk önümlerini saklamak üçin sebitde ilkinji hususy ammar bina edilýär. 

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşýan goşantlaryna berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan etdiler hem-de döwlet Baştutanymyzy ata Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagy we şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Daşoguz welaýatynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylygyň öwüşgünini has-da artdyrdy. Milli Liderimize hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda abadançylygyň nurana ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyza bagyşlanan joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanyp, dürli öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi. 

Bu ajaýyp waka mynasybetli Daşoguz welaýatynyň häkimliginde dabaraly ýygnak we baýramçylyk konserti geçirildi.