Gümrük habarlary

Türkmenistanyň eksport kuwwady artýar
19 Mar
Türkmenistanyň eksport kuwwady artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda bar bolan tebigy çig mallardan we türkmeniň bereketli topragynda ýetişdirilýän hasyllardan öndürilýän önümler eksporta iberilip, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Şolar bilen bir hatarda Türkmen pagtasynyň çigidinden öndürilen künjaranyň eksportyny mysal getirip bolar. 

Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň "Diýarbekir" gümrük nokadyndan Sadulla Rozmetow Adyndaky oba-hojalyk paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän türkmen pagtasynyň künjarasyny daşary ýurt döwletleri bilen esasan hem Özbegistan döwleti bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýan telekeçiler tarapyndan eksporta iberilýär.