Gümrük habarlary

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň döwrüň talabyna laýyk alnyp barylyşy
26 Mar
Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň döwrüň talabyna laýyk alnyp barylyşy

Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine saýlanan ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, berkarar döwletimizi ähli babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmak üçin tutumly işleri alyp barýar. Şol bir wagtda milli Liderimiz turuwbaşdan ähli adamlaryň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanýan ynsanperwer syýasatyň işjeň durmuşa geçirilmegini üns merkezinde saklap gelýär. 

Türkmenabat Halkara howa menzilinde häzirki wagtda ýokary depginde alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Howa menzilinde ýolagçylara ýokary derejede hyzmat işleri alnyp barylýar. Bu ýerde ýerleşýän «Türkmenabat howa menzili» gümrük nokadynda howa gatnawlary arkaly gelýän we iberilýän ýükleriň barlag işleri hem-de degişli gulluklar tarapyndan sanitariýa, zyýansyzlandyryş işleri bellenilen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. 

Dünýäde adamzadyň saglygyna uly täsir edýän ýiti ýokanç keseliň dörändigi hakynda maglumatlaryň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda bu keseli döredýän ýokanjyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmegine we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen öňüni alyş çärelerini işläp düzmäge we ýerine ýetirmäge netijeli işler alnyp barylýar, howa ulaglary arkaly getirilýän ähli harytlara zyýansyzlandyryş işleri doly geçirilýär. 

Howa menzilinde iň kämil barlag gözegçilik geçiriş enjamlarynyň kömegi bilen gümrük barlaglaryny ýokary takyklykda we çalt amala aşyrmaga mükinçilik berýär. 

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!