Gümrük habarlary

Telekeçilerimiziň rowaç ýoly
30 Mar
Telekeçilerimiziň rowaç ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ata Watanymyz ykdysady-durmuş, medeni we beýleki ugurlar boýunça çalt depginlerde we durnukly ösýär we özgerýär. Milli Liderimiziň öňe sürýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty, badalga berýän düýpli özgertmeleri Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyndan ugur alnyp, telekeçilerimiz bäsleşige ukyply önümleri we harytlary öndürmekde gowy netijeleri gazanýarlar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümlerdir harytlaryň öndürilmeginde hususyýetçilerimiziň gazanýan üstünliklerem guwandyrýar. Bularyň hemmesi Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. 

Garaşsyz döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşine Mary welaýatynyň telekeçileriniň saldamly goşantlary uludyr. Welaýatyň hususyýetçileri halkyň köp sarp edýän harytlaryny ösdürmekde, önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu aýtýanlarymyza mysal edip, “Üç nesile dowamat” hususy kärhanasynyň telekeçileriniň bitirýän işlerini görkezmek bolar. 2018-nji ýylyň noýabrynda işe başlan hususy kärhanada 150 işgär zähmet çekýär. Bu ýerde oturdylan häzirki zaman enjamlary önümçilikde uly isleg bildirilýän polipropilen önümleri köp mukdarda öndürmäge mümkinçilik berýär. 

Kärhanada ýokary hilli polipropilen mata, polipropilen haltalar öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Bu ýerde öndürilýän polipropilen önümlerine ýurdumyzyň dürli künjeginde uly isleg bildirilýär. Önümçiligi has ýokary derejede ýola goýmagy başaran telekeçiler öz önümlerini daşary ýurtlara-da eksport etmekde gowy netijeleri gazanýarlar. Bu kärhananyň telekeçileri öz önümlerini Türkiýe Respublikasyna, Gyrgyzystan, Ukraina we Russiýa Federasiýasy döwletlerine eksport edýärler.

Şeýle hem “Üç nesile dowamat” hususy kärhanasynyň işgärleri häzirki wagtda gije-gündizde 20 müň pogony metr polipropilen önümlerini öndürýärler. Olar geljekde bu görkezijini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen önümçiligi giňelmegi meýilleşdirýärler.