Gümrük habarlary

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary iki ýuduň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekdiler
31 Mar

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda üçin amatly şertleri döretmek hem-de gümrük paçlaryny, salgytlary we beýleki hökmany tölegleri doly tölemekden boýun gaçyrmagyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň başlygy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekdiler.

Bu resminama, 2021-nji ýylyň 30-njy martynda Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rus toparynyň iş duşuşygynyň çäginde gol çekildi.

Teswirnama Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahasyna netijeli gümrük gözegçiligini üpjün etmäge mümkinçilik berer.