Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň başlygy bilen duşuşygy
1 Apr
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň başlygy bilen duşuşygy

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň binasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň başlygy bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde geçirildi.

Onuň barşynda taraplar taraplar ikitaraplaýyn gümrük hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny, şol sanda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda deňiz arkaly daşalýan harytlar barada deslapky maglumat alyş-çalşygyny guramak, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatynda hyzmatdaşlyk, işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara hyzmatdaşygy berkitmek maksady bilen, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny düzmek barada ylalaşdylar.