Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: energiýa howpsuzlygy, ulag we ekologiýa sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ulgamlarydyr
1 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: energiýa howpsuzlygy, ulag we ekologiýa sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ulgamlarydyr

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Maslahata şeýle hem, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türki geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibine umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwletara derejesinde, sebit hem-de halkara çäklerinde netijeli özara gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň döwrümiziň gaýragoýulmasyz işleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň dünýäniň energiýa serişdelerinden deňhukukly we adalatly peýdalanmagyň zerurdygy baradaky düşünjeden ugur almak bilen, bu serişdeleriň dünýä bazarlaryna iberilmeginde degişli taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutýan ygtybarly we durnukly ulgamyň döredilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ulag we aragatnaşyk pudagynyň häzirki döwürde möhüm ähmiýetli ykdysady ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp, türki dilli ýurtlaryň bu ugurlarda ýokary netije berýän bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin örän uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady.

Türkmenistanyň halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ekologiýany we daşky gurşawy goramakdyr. Bu häzirki döwürde jemgyýetiň we durmuşyň derwaýys soraglarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýa sebiti barada aýdylanda, ilkinji nobatda, Aral deňziniň çylşyrymly ýagdaýy ünsi çekýär.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýete, ylma we bilime uly ornuň degişlidigini nygtap, umumy medeni-ruhy mirasyň we gymmatlyklaryň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz geljekde ýurtlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň we ylmy – barlag edaralarynyň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde egin-egne berip, dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde iş alyp barmaklarynyň örän dogry boljakdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy sammite gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma hem-de üns bilen diňlenildi.

Sammite gatnaşyjylar Türki döwletleriň Merkezi Aziýada çäk taýdan amatly ýerleşen, özüni ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň netijesi hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine netijeli başlangyçlary öňe sürýän Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýä derejesindäki belent abraýynyň nyşanydyr.