Habarlar

Türkmenistan – Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen
2 Apr
Türkmenistan – Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Şeýle hem saparyň meýilnamasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak we Russiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekmek bellenildi.

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy.

Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda Russiýanyň aýry-aýry sebitlerini, iri senagat we medeni merkezlerini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Hökümet agzalarynyň, iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda senagat, maşyn gurluşygy, energetika, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlary ýaly wajyp ugurlardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk çäreler hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Geçirilen maslahatyň jemleri boýunça wajyp hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Şol gün Moskwada sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça pudagara geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maglumat howpsuzlygy boýunça özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.

31-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we bilim boýunça Geňeşiň başlygynyň orunbasary D.Medwedew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda bellige alnan binýatlaýyn ugurlary nazara almak bilen, howpsuzlyk meselesi boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen bolan duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.