Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
3 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli sebitde açylyp, ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýan gowaça ekişiniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin  işleriň agrotehniki talaplara doly laýyk gelmelidigini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, ylmyň gazananlarynyň ulanylmalydygyny belledi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, gowaça ekişiniň geçirilişi hem-de bu möhüm işde tehnikalaryň ulanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän işler, gowaça ekişiniň barşy hem-de bu möwsümde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ulanylyşy, ekiş möwsümine gatnaşýanlaryň sazlaşykly zähmet çekmegi üçin döredilen şertler barada hasabat berdi.

Sebitiň ekologiýa abadançylygyny hem-de türkmen tebigatyny baýlaşdyrmaga gönükdirilen bag nahallarynyň ýazky ekişiniň bellenen wagtynda tamamlanmagyna degişli birnäçe tabşyryklar berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gowaça ekişiniň barşy we bu jogapkärli möwsümde ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary doly kuwwatynda ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly ekiniň ekişiniň bellenen möhletlere laýyklykda guralmagynyň we agrotehnikanyň görkezmelerine laýyk derejede ideg edilmeginiň bereketli “ak altyn” hasylyny almagyň girewidigini belläp, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ilaty dürli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmegiň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy wezipesidigini belläp, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine yzygiderli üns berilmelidigini nygtap, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletinde ýokary hilli tamamlamagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň kuwwatlyklarynyň doly herekete getirilmeginiň zerurdygyny nygtap, oba hojalyk ekinlerine bellenilen möhletlerde göwnejaý ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidigini nygtap, öňde goýlan möhüm wezipeleri oňyn çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.