Habarlar

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy
6 Apr
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň Halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň atçylyk toparlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna şahsy düzümlerde alnyp barylýan taýýarlyk işlerini kämilleşdirmek, harby gullukçylar üçin zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň Halkara gözellik bäsleşigine gatnaşjak bedewleri synlady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary bedewleriň gözellik bäsleşiklerine gatnaşdyrylmagy üçin jemi dokuz bedewi taýýarladylar. Özboluşly reňk aýratynlyklary bolan we ady rowaýata öwrülen bedewleriň şöhratly nesil ugurlaryna degişli bu bedewler owadanlygy, gelşikliligi, beden gurluşy bilen aýratyn tapawutlanýarlar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Halkara atçylyk sport toplumynda ideg edilýän Hanbeg atly bedewe atlanyp, athanalaryň birine tarap ugrady.

Milli Liderimiz athanada ideg edilýän bedewleriň ýagdaýy hem-de bedewlere degişli esbaplaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Bu ýerde işleýän harby gullukçy höwür atlary idetmegiň aýratynlyklary, olaryň saklanýan ýerleriniň arassaçylygyny degişli derejede saklamak üçin alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Şeýle hem bu ýerde bedewe degişli birnäçe esbaplar, eýerler we nallar görkezildi. Soňra Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň M.Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümiň atly gözegçilik rotasynyň serkerdesi ata nal kakylyşyny görkezdi. 

Döwlet Baştutanymyz toplumyň ýörite meýdançasyna baryp, Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň konkur bäsleşiklerine gatnaşmak üçin taýýarlanýan bedewleriniň türgenleşiklerini synlady.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow höwür atlaryň saklanýan ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu bedewlere edilýän ideg işleri bilen tanşyp, bu işlere jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy hem-de degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimize täze dünýä inen taýçanak görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu taýçanak şöhratly Gelşikliniň ugruna degişli Genjim bilen Gülnahalyň nesli bolup durýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzdan täze doglan taýa at dakyp bermegini haýyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Esger diýip at goýdy we onuň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň 19-25-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde geçirilýän senesi mynasybetli dünýäde şöhrat eýesi bolan Polatly, Ýanardag, Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllygy mynasybetli bina edilen on atyň heýkelleriniň hem-de dutarly ata atlanan ýigidiň şeýle hem alabaýyň heýkelleriniň ýanynda ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda çeper okaýyşlaryň, aýdym-sazly çykyşlary guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu çärelere döredijilik we aýdym-saz bilen meşgullanýan harby gullukçylaryň gatnaşdyrylmalydygyny aýtdy we bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýan ýere tarap ugrady. Häzirki döwürde bu ýerde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri tamamlandy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan toplumyň desgalaranyň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, häzirki wagtda bu ýerde ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer täze toplumyň Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açylmagynyň milli Liderimiziň türkmen halky üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň binalar toplumynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilýän şanly senesi mynasybetli açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine ykjam taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz paýhasly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlygy hem-de halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň, türkmen alabaý itleriniň şöhratyna şöhrat goşýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.