Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
7 Apr
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem, ýurdumyzda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek  bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümleriniň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ata Watanymyzyň Bitaraplyga, dostluga hem-de hoşniýetlilige esaslanýan syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak baradaky” Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýylyň başyndan bäri kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet emläginiň aýawly saklanylyşyna, netijeli ulanylyşyna we eýelik edilişine geçirilen barlaglar boýunça hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, meýilnama esasynda döwlet derejesinde amala aşyrylýan çäreleriň halk hojalyk toplumynyň ösüşine hem-de durnuklylygyny saklamaga ýardam etmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň geçen üç aýynda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren harby özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada etmek, olaryň Watana halal gulluk etmekleri ugrunda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtady.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.