Gümrük habarlary

Sport: ruhubelentlik we bagtyýarlyk
8 Apr
Sport: ruhubelentlik we bagtyýarlyk

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen, jemgyýetimiziň we halkymyzyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi baş maksat hökmünde öňe sürýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda saglygy goraýşy hemmetaraplaýyn ösdürmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki derejesiniň has-da belende göterilmeginde möhüm ädimdir.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklap, bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdügini belleýär.

Ynha, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni ýokary derejede bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport ýaryşlary, welosipedli ýörişler giňden ýaýlaňlandyrylýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda sport maşklary hem-de welosipedli ýörişler dowamly geçirilýär. Geçirilýän sport çärelerine harby gullukçylarymyz işjeň gatnaşyp, özleriniň saglyklaryny berkidýärler. Türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sag bolsun aýdýarlar.