Gümrük habarlary

«Arkadaş gurluşyk» hususy kärhanasy önümlerini hödürleýär
16 Apr
«Arkadaş gurluşyk» hususy kärhanasy önümlerini hödürleýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Arkadaş gurluşyk» hususy kärhanasy ýurdymyzda öndürilýän çig malyndan hojalyk harytlaryna degişli bolan özüniň ýokary hilli plastmas we polietilen önümleriniň birnäçe görnüşini öndürýär.

Kärhana plastik bedre, plastik legen, plastik sebet, harytlaryň her görnüşi boýunça aýdaky öndürjilik kuwwaty 100 000 sany, plastic turba 110 diametr we plastik turba 160 diametr harytlaryň her görnüşi boýunça aýdaky öndürjilik kuwwaty 100 000 metr, polietilen paket harydynyň her aýdaky öndürjilik kuwwaty 500t we polietilen rulon plýonka we polietilen rulon 30sm harytlaryň her görnüşi boýunça aýdaky öndürjilik kuwwaty 200t möçberinde görnüşli harytlary öndürýär.

Hususy kärhananyň öndürýän önümleri elýeterligi, ýokary hilliligi, ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle ýokary hilli tehnologiýalary gurnamaga mümkinçilik döredip beren Mähriban Arkadagymyza kärhananyň hünärmenleri ak ýürekden alkyş aýdýarlar.