Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy
16 Apr
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy

Düýn paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

...Dabaranyň başlanmagyna hemme zat taýýar edilipdir. Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Maslahatlar merkeziniň öňündäki meýdançada dünýäniň halklarynyň dostlugyny hem-de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny alamatlandyrýan aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.

Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, Maslahatlar merkezi dabaraly ýagdaýda açylýar.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girýär we täze desga bilen tanyşýar.

Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu äpet binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre barabardyr. Onuň gurluşygy üçin 9,37 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Ýaşyl zolagyň meýdany 46 müň 23 inedördül metre deňdir.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, täze Maslahatlar merkezinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Milli Liderimiz zala barýar. Şol ýerde ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Halkara forum dabaraly ýagdaýda açyk diýip yglan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de hemmeleri täze Maslahatlar merkeziniň binasynda gutlap, bu ajaýyp binanyň halkara durmuşyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bilen diňlenildi hem-de ruhubelentlik bilen kabul edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Maslahatlar merkeziniň golaýynda ýerleşen Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz däp bolan toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär, şol ýerde şu dabara gatnaşyjylary çagalar döredijilik topary hem-de aýdym-saz topary dünýäniň ençeme dillerinde ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Täze Kabul ediş merkezinde foruma gatnaşyjylar üçin resmi kabul edişlik guraldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan häzirki döwürde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalar bilen ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini iki gezek ykrar etmegi, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede giň goldawa mynasyp bolmagy ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokary galýandygyny aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Resmi kabul edişligiň barşynda sungat ussatlary hem çykyş etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahat umumy mejlisler görnüşinde “Parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk”, “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ekologiýanyň ähmiýeti”, “Ynsanperwer ugry boýunça halkara hyzmatdaşlyk” mowzuklary boýunça dowam etdirildi.

Foruma gatnaşyjylaryň arasynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, beýleki halkara guramalaryň wekilleri bar. Olaryň çykyşlarynda sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde Türkmenistanyň işjeň orny nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň öňe sürýän, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen oňyn başlangyçlaryň ähmiýeti we derwaýyslygy aýratyn bellenildi.

Halkara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen forumyň jemleri boýunça “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Onuň çäklerinde sebit we ählumumy derejedäki netijeli işleri ilerletmekde, umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy ugry amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň saldamly goşandy nygtaldy.