Gümrük habarlary

«Bir penjire»: täze gözýetimler
22 Apr
«Bir penjire»: täze gözýetimler

Hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman ykdysadyýetiniň innowasion ýol bilen ösüşini şertlendirýän sanly ulgam ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynda hem, sanly ulgamy pudaklaýyn ornaşdyrmak, onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak işleri ýokary derejede dowamly alnyp barylýar. 

Şeýle pudaklaýyn Taslamalaryň biri hem, “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasydyr.

Häzirki wagtda, bu Taslama resminamanyň çäginde “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmakda, ýurdumyzda eksport-import amallaryna gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berilýän ygtyýarnamalaryň we beýleki rugsat beriş resminamalaryň sanly ulgam arkaly işleriniň amala aşyrmagy hem-de bu ugurdaky iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak, şeýle hem, pudagara resminama dolanşygy boýunça seljerme işleri alnyp barylýar.

«Bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryna ygtyýarnamalary we beýleki rugsat beriş resminamalary ýygnamak üçin dürli edaralara gatnamazdan, sanly hyzmatlardan peýdalanmak bilen, bu resminamalary almaga şert döreder. 

Şeýle hem, ulgam ýurdumyzyň halkara söwda ýardam berýän şertleri döredýär we onuň depgininiň ösmegine ýardam berer, hem-de halkara jemgyýetiniň öňünde Türkmenistanyň işewürlik we maliýe goýum reýtinglerini mundan hem ýokary derejelere göterer.