Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
4 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň barşy, aýratyn-da, ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň şanly ýubileýiniň hormatyna guraljak dabaralary degişli derejede geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi we meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini göni aragatnaşyga çagyrdy.

Häkimler şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, ösüş suwuny tutmak işleri boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler. Galla oragyna kombaýnlary, awtoulaglary we kabul ediş bölümlerini taýýarlamak hem-de pile öndürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler baradaky maglumatlar hasabatlaryň özenini düzdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, gowaçadan, bugdaýdan we beýleki ekinlerden bol hasyl almakda möhüm ähmiýeti bolan ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi we bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça we ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyny guramaçylykly we bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere we häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary toparyň başlygy N.Amannepesowy çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede hem-de welaýatlarda bar bolan çagalar-sagaldyş merkezlerinde ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, tomusky dynç alyş möwsumine taýýarlygyň çäklerinde hökmany sanjymyň geçirilmelidigini we dynç alyş ýerlerine baran çagalaryň saglyk derejesini görkezýän güwänamalaryň berilmelidigini belledi. Umuman, çagalaryň möwsümi şadyýan hem-de gyzykly geçirmekleri, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulmalydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.