Habarlar

Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
4 Maý
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär

Düýn türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady.

“Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyşy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we Internet üsti bilen dolandyrylýan tehnikalar, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlanylan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy. Onda dürli programmalar we taslamalar, intellektual ulgamlary, tehniki işläp taýýarlamalar, robotlar, dökünlere himiki hem-de biologiki goşundylar we önümçilikde ulanylmaga gönükdirlen beýleki innowasiýa ugurly teklipler görkezilýär.

Umumy mejlisde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologiýa, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, synag-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça düýpli barlaglar geçirilýär.

Ählumumy häsiýete eýe bolan innowasiýa işleri dünýä bileleşigini ösüşiň täze, has ýokary derejesine çykardy. Innowasiýa işleri öz gözbaşyny ylmyň aýry-aýry pudaklaryndan alýar hem-de önümçilikde dowam edip, oňyn özgertmelere getirýär. Biziň günlerimizde innowasiýalar kimdir biriniň islegi bolmak bilen çäklenmän, adamzadyň öňe gitmegi, bäsdeşlige ukyplylygy saklamak hem-de geljekde ösmek üçin zerurlykdyr diýip, çykyş edenler bellediler.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maslahaty guramaga döredilen mümkinçilik, ylym-bilim ulgamynyň özgerdilmegine hem-de dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini “Innowasion ykdysadyýet – ösüşleriň gözbaşy”, “Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk” atly üç bölümde dowam eder. Bölümleriň mejlisleri şu gün Ylymlar akademiýasynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dowam eder.