Gümrük habarlary

Bereketli türkmen topragynyň önümleri daşary ýurtlara ugradylýar
6 Maý
Bereketli türkmen topragynyň önümleri daşary ýurtlara ugradylýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr.

Hormatly Prezidentimiz sebit we ählumumy meýilleriň hemişe üýtgeýän isleglerini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatyny emele getirmek üçin dünýä bazarlarynyň ýagdaýyna yzygiderli seljerme berilmeginiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Şunda döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň ygtyýarly ýoludygyny belleýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagynda hususy telekeçilige möhüm orun degişlidir.

Milli ykdysadyýetiň möhüm ugry hökmünde hususy işewürlik önümçilik ulgamy hususy kompaniýalaryň we kärhanalaryň innowasion işini işjeň ösdürmegi göz öňünde tutýar. Köpugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmekde we Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda uly ösüş gazanyldy. Telekeçiler eksport ugurly önümleriň mukdaryny artdyryp, ýerli çig malyň esasynda olaryň görnüşlerini giňeltdiler.

Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasy hem Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow we Görogly etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen ter pomidor önümlerini Daşoguz welaýatynyň içerki bazarlaryny doly üpjün edip, ondan artan bölegini Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana we beýleki goňşy döwletlere eksport edilýär.