Habarlar

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI
4 Iýun
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI

Düýn Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.



Daň säherde welosipedli ýörişiň badalga alýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem milli parlamentiň iki palatasynyň wekilleri, talyp ýaşlar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň sowgat beren welosipedlerine erk edýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem bar.



Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň şaýollary boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.



Welosipedli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri, seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi hem-de paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.



2018-nji ýylda BMG-niň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjynyň örän wajypdygyna hem-de möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.



Köpöwüşginli sport lybasyndaky welosipedçileriň hatary Aşgabadyň giň şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Bu ýollaryň ugrunda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ajaýyp binalar peýda boldy. Paýtagtymyzyň giň we ýagty şaýollary, täsin ýaşyl zolaklardyr seýilgähler, gül aýmançalary, özboluşly suw çüwdürimleri gözüňi dokundyrýar.



Welosipedçileriň hatary gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyzyň merkezine tarap ugrady.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet binasynyň ýanyna gelip, welosipedli ýörişi tamamlady. Milli Liderimiz bellenen ýoly ussatlyk bilen geçip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň saglyk hem-de hemmetaraplaýyn kämilleşmek üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.



Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar hereketini dowam edip, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanylyp geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş şol ýerde tamamlandy.



Bu köpçülikleýin sport çäresi Türkmenistanda welosiped sportunyň meşhurlygynyň barha artýandygyny hem-de ulagyň elýeterli we ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipediň artykmaçlyklaryny nobatdaky gezek tassyklady.