Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
15 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.



Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.



Şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 591 müň 242 tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, bu ugurda bellenilen meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 42,23 göterime deň boldy. Ýokary öndürijiligi bolan galla kombaýnlarynyň jemi 2 müň 111-si gije-gündiziň dowamynda işledilýär. Şol bir wagtyň özünde orak möwsüminde işleýänler üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem etraplarda döredilen abatlaýjy we sazlaýjy toparlar oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, ýerlerde tehniki hyzmaty alyp barýarlar.



Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýygnalýan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi, kabul edilen hasylyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanýandygy habar berildi. Mundan başga-da, galladan boşan ýerlerde degişli agrotehniki işler talabalaýyk derejede ýola goýulýar. Munuň özi aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur şertleri üpjün edýär.



Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ak ekinli meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň, ýük awtoulaglarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak, galla kabul ediş bölümlerinde hasyly bökdençsiz kabul etmek boýunça işleri talabalaýyk guramakda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.



Welaýatda 145 müň gektar meýdanda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl daşoguzly gallaçylar Watan harmanyna 265 müň tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagy meýilleşdirýärler.



Şu güne çenli Watan harmanyna 18 müň 756 gektar meýdandan 34 müň tonnadan gowrak däne ýygnaldy. Bu bolsa bellenilen meýilnamanyň 12,96 göterim ýerine ýetirilendigini, her gektaryň hasyllylygynyň 18,3 sentnere deň bolandygyny aňladýar. Şu möwsümde ýokary öndürijilikli däne kombaýnlarynyň 439-sy bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň 28-si hereket edýär.



Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gallaçylara arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde göçme söwda we beýleki hyzmatlar ýola goýulýar hem-de artistleriň çykyşlary guralýar.



Soňra S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimi B.Handurdyýew galla meýdanlarynda ýetişdirilen bereketli hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şu ýyl 16 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, ondan 31 müň 200 tonna galla hasylyny almak meýilleşdirilýär. Häzirki döwürde ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 58-si, hasyl daşaýan ýük awtoulaglarynyň 290-sy bökdençsiz işledilýär. Ýygnalan hasyl etrabyň galla kabul ediş bölümleriniň 4-sinde kabul edilýär. Şeýle hem häkim şu güne çenli şertnamalaýyn borçnamanyň 13 göterim ýerine ýetirilendigini, her gektaryň hasyllylygynyň 19,5 sentnere deň bolandygyny belledi.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen hasylyň gysga möhletde we ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň ýurdumyzda bereket bolçulygynyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidigini belläp, möwsümi guramaçylykly geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.



Ruhubelent etrabynyň häkimi D.Güjikow, öz gezeginde, etrap boýunça 10 müň gektar meýdanda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigi, ondan Watan harmanyna 16 müň 500 tonna ak bugdaý tabşyrmagyň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Galla oragynda däne kombaýnlarynyň 16-sy, ýük ulaglarynyň 80-si ulanylýar. Ýygnalýan galla hasyly etrabyň galla kabul ediş bölümlerinde bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem şu güne çenli 2 müň 126 tonna hasyl ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnama 12,88 göterim ýerine ýetirildi. Etrap boýunça 1 müň 269 gektar meýdanda orak geçirilip, her gektaryň hasyllylygy 16,8 sentnere barabar boldy.



Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, onuň galla kabul ediş bölümlerinde degişli derejede saklanmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.



Soňra Boldumsaz etrabynyň häkimi B.Arazow etrap boýunça şu ýylyň hasyly üçin 10 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilendigi, ondan 18 müň 500 tonna galla ýygnamagyň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi. Şu günler däne ýygnaýan kombaýnlaryň 34-si we ýük ulaglarynyň 170-si öndürijilikli işledilýär. Etrap boýunça häzire çenli 2 müň 398 tonna galla ýygnalyp, tabşyryk 12,96 göterim ýerine ýetirildi. Orak geçirilen ýerleriň umumy meýdany 1 müň 295 gektar bolup, her gektaryň hasyllylygy 18,5 sentnere ýetirildi.



Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnamagyň we galla kabul ediş bölümlerinde alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.



Welaýatyň Gubadag etrabynyň häkimi H.Nurjanow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda 13 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilendigi, ondan 24 müň tonna hasyl ýygnamagyň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Häzirki döwürde galla oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Etrap boýunça şu güne çenli 3 müň 129 tonna hasyl ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnama 13,4 göterim ýerine ýetirildi. Şunda 1 müň 694 gektar meýdanda orak geçirilip, gektaryň hasyllylygy 18,5 sentnere barabar boldy. Şeýle hem häkim orak möwsüminde kombaýnlaryň 38-siniň, ýük ulaglarynyň 190-synyň iki çalşykda netijeli işledilýändigi, galla kabul ediş bölümlerinde hasylyň bökdençsiz kabul edilýändigi we talabalaýyk saklanylýandygy barada aýtdy.



Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallaçy kärendeçiler üçin zerur şertleriň döredilmeginiň möhüm talapdygyny belläp, tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.



Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkimi O.Amanow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilendigi, ony öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýokary öndürijilikli däne kombaýnlarynyň 50-siniň, ýük ulaglarynyň 250-siniň netijeli işledilýändigi, galla kabul ediş bölümleriniň 4-sinde hasylyň bökdençsiz kabul edilýändigi barada hasabat berdi. Etrapda ak ekinleriň eýeleýän meýdany 17 müň gektara barabar bolup, ondan 30 müň 500 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şu güne çenli 2 müň 205 gektar meýdandan 3 müň 958 tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, meýilnama 12,98 göterim berjaý edildi, her gektaryň hasyllylygy 18 sentnere deň boldy.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallaçy  kärendeçileriň yhlasy bilen ýetişdirilen hasylyň gysga möhletde we ýitgisiz ýygnalmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.



Soňra Akdepe etrabynyň häkimi B.Gylyjow şu günler orak möwsüminiň depginini artdyrmak, ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat bilen çykyş etdi.



Şu ýylyň hasyly üçin etrapda 19 müň gektar meýdanda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Gallaçy kärendeçiler ondan 34 müň 500 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler. Galla oragynyň guramaçylykly dowam edýän döwründe Watan harmanyna 4 müň 459 tonna bugdaý hasyly tabşyrylyp, şertnamalaýyn borçnama 12,92 göterim ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, etrap boýunça 2 müň 454 gektar meýdanyň dänesi ýygnalyp, her gektaryň hasyllylygy 18,2 sentnere barabar boldy. Şeýle hem häkim häzirki döwürde etrap boýunça däne ýygýan kombaýnlaryň 59-synyň, ýük awtoulaglarynyň 295-siniň iki çalşyk esasynda doly güýjünde işledilýändigi, galla kabul ediş bölümlerinde hasylyň bökdençsiz kabul edilýändigi barada hasabat berdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.



Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we orak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi.



Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi S.Meredow häzirki döwürde galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler, oragyň depginini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Etrap boýunça 28 müň gektar meýdanda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, Watan harmanyna 50 müň 500 tonna ak bugdaý tabşyrmak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen alnan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi netijesinde, şu güne çenli 6 müň 494 tonna bugdaý taýýarlanylyp, şertnamalaýyn borçnama 12,86 göterim berjaý edildi. Etrap boýunça 3 müň 599 gektar meýdanda orak geçirilip, her gektaryň hasyllylygy 18 sentnere ýetirildi.



Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümde işledilýän oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek, galla kabul ediş bölümlerinde alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.



Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty welaýatyň Köneürgenç etrabynyň häkimi M.Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen 17 müň gektar meýdany bolan ak ekinlerden bol hasylyň ýetişdirilendigi, ondan 30 müň 800 tonna hasyl almagyň meýilleşdirilýändigi barada aýtdy. Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen bugdaý oragyna girişilendigi, şu güne çenli 3 müň 981 tonna hasyl ýygnalyp, borçnamanyň 12,93 göterim ýerine ýetirilendigi barada nygtady. Etrap boýunça jemi 2 müň 197 gektar meýdanyň bugdaýy ýygnalyp, her gektaryň hasyllylygy 18,1 sentnere deň boldy. Möwsümde ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 51-si, galla daşaýan ýük ulaglarynyň 255-si iki çalşykda işledilýär. Galla kabul ediş bölümlerinde bugdaý hasyly bökdençsiz kabul edilýär.



Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.



Soňra Görogly etrabynyň häkimi B.Mämmedow etrap boýunça galla oragynda alnyp barylýan işler, 15 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylynyň kemala getirilendigi, ondan 28 müň 500 tonna hasyl almagyň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi. Şu günler etrabyň hojalyklarynda galla oragy batly depginde dowam edýär. Häzire çenli 3 müň 729 tonna hasyl ýygnalyp, meýilnama 13,08 göterim ýerine ýetirildi. 1 müň 961 gektarda orak geçirilip, hasyllylyk 19 sentnere barabar boldy. Şeýle hem galla kombaýnlary, ýük ulaglary we galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz hem-de netijeli işledilýär.



Milli Liderimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belledi we möwsüme degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.



Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatyň Görogly etrabynda bugdaý oragynda işleýän kombaýnçy D.Kurtbaýew bilen söhbetdeş boldy.



Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, kombaýnçynyň hal-ýagdaýy, öý-içersi, oba adamlarynyň iş we durmuş şertleri, orak möwsüminiň depginleri, bu ýylky hasylyň derejesi bilen gyzyklandy. Mundan başga-da, milli Liderimiz orak möwsüminde işledilýän oba hojalyk tehnikalarynyň öndürijiligi bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, oba adamlarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklajakdygyny belledi.



D.Kurtbaýew halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin öz adyndan we işdeş ýoldaşlarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem ol gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini, orak möwsüminde milli Liderimiziň tagallasy bilen alnan ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň bökdençsiz işledilýändigini habar berdi.



Hormatly Prezidentimiziň sowalyna jogap bermek bilen, D.Kurtbaýew özüniň bu kärde 23 ýyl bäri işleýändigini, 11 ýylyň dowamynda bolsa galla oragynda kombaýnçy bolup zähmet çekýändigini, orak möwsüminde ähli zerur şertleriň üpjün edilýändigini we aýlyk gazançlarynyň bökdençsiz tölenilýändigini aýtdy. Şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň öndürijilik derejesiniň ýokarydygyny nygtap, kombaýnçy döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.



Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan oba hojalykçylaryň, mehanizatorlaryň yhlasly zähmetleri netijesinde galla oragynyň guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirdi hem-de olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.



Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň hem-de onuň etraplarynyň häkimleriniň alyp barýan işleri barada hasabatlaryny jemläp, ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, galla oragynda kombaýnlardyr awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, galla kabul ediş bölümlerinde hasylyň bökdençsiz kabul edilmegini guramak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi, ýygnalan hasylyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanylmagy, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we aralyk ekinler üçin zerur çäreleri görmek bilen baglanyşykly meseleler aýratyn möhümdir.



Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, galla oragy bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini, welaýatda şalynyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.



Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, wise-premýere, Daşoguz welaýatynyň hem-de etraplarynyň häkimlerine orak möwsüminde alyp barýan işlerinde, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we edermen daýhanlaryň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine uly ynam bildirdi.