Gümrük habarlary

 “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi
23 Iýun
“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň 4-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine “Eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminama gatnaşyjy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekilleri hem-de BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Taslama resminama boýunça dolandyryjy hünärmeni gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda, Taslama resminama gatnaşyjy döwlet gözegçilik edaralaryň wekilleri, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly öz edaralarynyň taýýarlyk derejesi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlaryň çäklerinde, her ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan eksport-import amallary bilen bagly resmileşdirilýän rugsat beriş resminamalar boýunça kanunçylyk, enjamlaýyn üpjünçilik hem-de maglumat-tehnologiýalary binýady meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem, Pudagara iş toparynyň agzalary, Taslama resminama boýunça öz edaralarynyň hukukçylarynyň we maglumat-tehnologiýalary boýunça hünärmenleriniň aýratyn duşuşyklarynyň guralmagyny teklip etdiler.

Mejlisiň ahyrynda, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça geçiriljek Pudagara toparynyň mejlisine taýýarlyk çäreleri hakynda bellenildi.