Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) serhetüsti elektron söwda boýunça ikinji global konferensiýasyna gatnaşdy
5 Iýul
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) serhetüsti elektron söwda boýunça ikinji global konferensiýasyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 28-29-njy iýuny aralygynda geçirilen “Durnukly elektron söwda zynjyryny dikeltmek, täzelemek we durnuklaşdyrmak üçin birleşdirilen gümrük tagallalary” mowzugy boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň serhetüsti elektron söwda boýunça ikinji global konferensiýasy degişli guramalaryň ýolbaşçylaryny we gümrük hünärmenleri, elektron söwda operatorlary, halkara guramalarynyň wekillerini we beýleki gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi.

BGG-nyň elektron söwda standartlaryny we oňa degişli elektron söwda toplumyny doly durmuşa geçirmegiň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, agzalar we gyzyklanýan taraplar elektron söwda zynjyrynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin maglumatlar we tehnologiýalary ulanmak arkaly COVID-19 sebäpli dörän ýagdaýyň şertinde gümrük işiniň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çäre, ygtybarly, yzygiderli serhetüsti elektron söwda gurşawyny döretmek üçin elektron söwda bilen gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategiki pikirlenmä itergi berdi.