Gümrük habarlary

Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde eksport edilýän harytlaryň görnüşi artýar
13 Iýul
Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde eksport edilýän harytlaryň görnüşi artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri öz netijelerini berýär. Bu ugurda importuň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ähli ýerlerde importyň ornuny tutýan harytlary, gurluşyk serişdelerini, dokma, mineral önümleri, durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri, azyk önümlerini çykarýan kärhanalar açylýar. Telekeçilerimiziň we haryt öndürijilerimiziň mümkinçilikleri giňeýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynyň Zümerret köçesinde iň täze tehnalogiýalary we ussat hünärmenleri bilen Türkmenistanda dünýä ülüňlerine laýyk gelýän önümleri öndürýän «Täç Hil» hususy kärhanasy iň täze tehnalogiýalary we iň döwrebap çig mallary birleşdirip Çygly süpürgüçler, Suwuk sabyn, Gap gaç ýuwyjy serişde, Antibakterial serişde, Antibakterial el spreýi we Antibakterial gel görnüşli önümlerini öndürýärler. 

Müşderileriň saglygyna zyýansyz we ýokary hilli önümleri öndürmek üçin mikrobiologiki, himiki we fiziki taýdan zyýansyz bolup iň ýokary arassaçylyk ülüňlerine gabat gelýän we müşderi saglygyna zyýan berip biljek hiç-hili çig maly öz içine almaýar.

Häzirki wagytda kärhana giň logistik mümkinçilikleriň esasynda içerki we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna önümleri ugratýar. Dünýä bazarynda «Täç Hil» haryt nyşanly önümlere islegler barha artýar.