Habarlar

Topraga siňdirilen yhlasyň miwesi
16 Iýul
Topraga siňdirilen yhlasyň miwesi

Türkmenistanda geçirilen ýer reformasy oba ykdysadyýetiniň ösmegi üçin amatly şertler döretdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzak möhlet bilen ulanmak üçin ýer bölünip berilmegi diňe bir ekin meýdanlaryny ep-esli artdyrmaga däl, eýsem tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň we suwdan oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) agzalary oba hojalygy we azyk önümleriniň öndürilişini meýilnamadaky bilen deňeşdirilende, üçden bir esseden gowrak artdyrdy. Ýylyň birinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary 150 müň tonnadan gowrak hasyl aldylar.

Pomidoryň we beýleki ekinleriň dürli görnüşlerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşýän hususy oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçiligi ep-esli artdy. Häzirki wagtda oba ýerlerinde umumy meýdany 450 gektar bolan onlarça ýyladyşhana gurlup, ulanylmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli işleýän hojalyklaryň sany artyp, takmynan 600 gektar meýdany tutar.

TSTB-niň oba hojalyk bölüminiň maglumatlaryna görä, diňe ýaz möwsüminde ýyladyşhana hojalyklarynyň eýeleri pomidoryň dürli görnüşleriniň 50 müň tonna golaýyny daşary ýurtlara eksport edipdirler, bu bolsa tutuş 2020-nji ýylyň netijesinden-de köpdür. Bilermenleriň pikiriçe, ýylyň ahyryna çenli Türkmenistandan pomidor eksportynyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse artar.

Biziň daşary ýurtlar bilen işleşýän daýhanlarymyz Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryny özleşdirip başladylar. Awstriýa 20 tonna töweregi ter pomidor ilkinji gezek iberildi. Türkmen gökçüleriniň önümleri Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär diýlip, ykrar edildi. Ýylyň ahyryna çenli Günbatar ýurtlaryna takmynan 60 tonna ter pomidor ibermek meýilleşdirilýär.

Ýurduň daýhanlary geçen ýyl kösükliler maşgalasyna degişli bolan mäş meýdanlaryny-da giňeltdiler. “Mäş taslamasy” synagyna ýüzden gowrak oba hojalyk öndürijisi – TSTB-niň agzasy gatnaşdy. Hususan-da, mellek ýerlerinde mäş ösdürip ýetişdirmekde uly tejribesi bolan Ahal, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň telekeçileri ilkinji gezek bu azyk ekinini öndürýän satyjylar boldular. Mülkdar hojalyklar we hususy öndürijiler ýedi müň tonnadan gowrak mäş ýygmak bilen, diňe bir içerki sarp ediş üçin gor bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem goňşy ýurtlara alty müň tonnadan gowrak kösükli ösümligi ilkinji gezek iberdi.

Biziň mülkdarlarymyz adaty gök önüm we galla ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, birnäçe telekeçi göýül ýetişdirip başlady. Uzaga çekýän gülleme döwründe göýül biýarasy seýrek gözellikli uly güller bilen örtülýär.

Birnäçe türkmen şereketi Uzak Gündogarda we Günorta-Gündogar Aziýada giňden ýaýran paulowniýa agajyny ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşip başlady. Ýaýbaň ýokary pürli we bitewi biten iri ýaprakly, boýy 15-20 metre ýetýän bu daragt bary-ýogy alty ýyldan soň bir ýarym kub metr ýumşakdan ýeňil bezeg agajyny berýär. Ony saz gurallaryny, mebelleri, ownuk önümleri, timar tagtalaryny, şeýle hem dag lyžalaryny we taýgyç tagtalaryny ýasamak üçin ulanýarlar. Bu agajyň gülünden datly bal alynýar. Telekeçiler eýýäm ýüzlerçe müň nahaly ekişe taýýarladylar. Geljek ýyldan başlap Türkmenistanly ösümlikçiler bu ekiniň tutýan meýdanyny giňeldip, takmynan bir million agaç ekerler.

Telekeçiler uly kärende ýerlerinde ýapragy ýüpek gurçuklaryny köpeltmek üçin ulanylýan tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirýärler. Ýüzlerçe gektar ýer adaty agaçlardan has çalt miwe berip başlaýan depginli miweli baglar üçin bölünip berildi. Olar oturdylanyna iki ýyl bolanda, hasyla durýarlar, üçünji ýylda bolsa bol miwe berip başlaýarlar.