Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
11 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Iwo Petrowy kabul etdi. Ol Türkmenistanda öz işini tamamlaýar.

Döwlet Baştutanymyz diplomatyň uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge goşan uly goşandyna ýokary baha berdi. 

Ilçi wekilçilik edýän halkara guramasynyň Garaşsyz Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bütin dünýäden daşary ýurtly myhmanlaryň her ýylda müňlerçesi gelýän iri halkara syýasy, ykdysady we medeni merkezine öwrülen we okgunly ösýän Aşgabatda işlemegiň özi üçin uly hormat bolandygyny nygtady.