Gümrük habarlary

Polietilen haltalary daşary ýurt bazarlarynda.
24 Iýul
Polietilen haltalary daşary ýurt bazarlarynda.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň ornuny giňeltmegiň döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belleýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge kuwwatly ýardam berýär. Birleşmäniň agzalary ýurdumyzda hususy telekeçiler üçin döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmek işinde uly tejribe topladylar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleri ilatyň islegini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda hususy ulgamyň eksport kuwwatyny artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredip berýän şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanýan Daşoguz welaýatynyň telekeçileri tarapyndan hem Türkmenistan döwletimiziň ösüşine daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we ilaty özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Şolar bilen bir hatarda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Kämil gurujy» hojalyk jemgyýeti hem öz hususy zawodynda polietilen haltalarynyň birnäçe görnüşlerini öndürip, içerki bazary doly üpjün edýär. Öndürilen polietilen haltalaryny Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň  «Diýarbekir» gümrük nokadyndan Russiýa Federasiýasyna, Ukraina, Gruziýa we beýleki daşary ýurt döwletlerine eksport edilýär.