Gümrük habarlary

Energetika ulgamynyň kuwwaty artýar
9 Awg
Energetika ulgamynyň kuwwaty artýar

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda onuň ýeterlik gory döredildi. Halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasyny öndürmek  wezipesi «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ünsden düşürilmeýär. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen pudagyň düzümi gazturbinaly elektrik beketleri bilen yzygiderli ýetirilip dur. Energiýa üpjünçilik ulgamy, paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň yşyklandyryş üpjünçiligi has gowulandy. Bu ulgamda ägirt uly işleriň alnyp barylmagy iri senagat toplumlaryny, köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda onuň belli bir möçberlerini goňşy döwletlere ugratmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň eksporta iberýän elektrik energiýasynyň möçberiniň has artmagy döwletimiziň energetika babatynda dünýä ykdysady giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny has berkitdi.

Diňe bir Lebap welaýatynyň mysalynda ulgamda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görmek bolýar. Amyderýanyň boýlarynda ýerleşen welaýatda elektrik desgalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyryldy, täze elektrik stansiýalary we beketler işe girizildi, ýene-de möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Sebitiň täze elektroenergetika desgalarynyň hatarynda welaýatyň gündogaryndaky Döwletli etrabynyň çäginde 2016-njy ýylda ulanmaga berlen kuwwaty 254 megawatt bolan «Watan» elektrik bekedi bar. Mundan başga-da 220 kW güýjenmesi bolan ýokary woltly täze ulgam çekildi. Uzynlygy 86,5 kilometr bolan «Serdar-Farap» ulgamy çekildi. Uzynlygy 264,6 kilometr bolan «Farap — “Watan”, 125 kilometr bolan Pelwert — Kerki ulgamlary sazlaşykly işleýär. Şeýle hem Mary döwlet elektrik bekediniň ýokary woltly ulgamy bilen Kerkiniň arasynda 388 kilometr ulgam çekildi. Onuň kuwwaty 500 kW güýjenmä deňdir. Umumy uzynlygy 62 kilometr bolan Kerki — Andhoý, şeýle hem kuwwaty 500/220/110 kW bolan «Kerki» energiýa desgasy guruldy. Geçen gysga döwrüň dowamynda gurlan Çärjew etrabyndaky kuwwaty 149,2 megawatt «Lebap», Döwletli etrabyndaky kuwwaty 254 megawat «Watan» döwlet gazturbinaly elektrik stansiýalary, Kerki etrabyndaky kuwwaty 500 kilowatta barabar bolan elektrik beketleri birbitewi elektrik ulgamynyň düzüminde işjeň hereket edýärler. Bu kuwwatly desgalar  elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edýärler. 

Welaýatda energetika ulgamynyň kuwwaty barha artýar. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda kuwwatlylygy 432 megawatt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna hem badalga berildi. Häzirki wagtda desganyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyryna gadam goýdy. Desganyň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda ulanylmaga berilmegine garaşylýar. Ol Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Hitachi Power Systems», şeýle hem Türkiýäniň «Rönessans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar. Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawatt bolan üç sany gazturbina gurnamalary işlär. Energobloklaryndan başga-da edara ediş binasy gurlup onda döwlet elektrik bekediniň esasy dolandyryş bölümi, gaz paýlaýjy beket, şeýle hem ähli zerur bolan inženerçilik-tehniki ulgam ýerleşýär. Elektrik bekediniň çägi hem gözel görküne gelýär. 

Milli hünärmenlerimiz hem gurluşyga işjeň gatnaşýarlar. Bu desga welaýatyň çäginde ozal ulanylmaga berlenleriniň arasynda has kuwwatlysy bolar. Welaýatda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe işe girizilen «Lebap»,«Watan» ýaly kuwwatly döwrebap elektrik stansiýalary we «Kerki-500» ýaly elektrik bekedi işe girizilen gününden bäri diňe bir içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň artmagyna hem uly goşant goşýarlar.

Welaýatyň energetika pudagynda innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Welaýatyň energetikleri täze döwrebap önümçilikleriň işe girizilýän döwründe iňňän zerur bolan elektrik energiýasynyň ýeterli mukdardakysy bilen  üpjün etmegiň hötdesinden gelýärler. 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça elektrik energiýasynyň umumy öndürilişi ep-esli artyp, onuň 34,2 milliard kW/sagada ýetirilmegine garaşylýar. Bu döwürde Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 1,4 esse artyp, ol 3 milliard kW/sagatdan hem gowrak bolar. Häzirki wagtda Türkmenistan bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulmak bilen türkmen elektrik energiýasyny halkara ugurlar boýunça geljek üçin meýilleşdirilýän taslamanyň çäklerinde ibermegiň möçberleriniň has-da artdyrylmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orny eýeleýär.