Gümrük habarlary

Balkan welaýat gümrükhanasynda gender meselesine bagyşlanan okuw çäresi geçirildi
14 Awg
Balkan welaýat gümrükhanasynda gender meselesine bagyşlanan okuw çäresi geçirildi

2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda, Türkmenbaşy şäherinde, Balkan welaýat gümrükhanasynyň işgärleri üçin Halkara serhetüsti söwdada gender deňligi meselesine bagyşlanan okuw çäresi geçirildi. Bu okuw Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Halkara söwda merkezi bilen alyp barýan hymatdaşlygynyň çäklerinde agzalan guramanyň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa» sebitleýin taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi.

Okuw çäresini, öň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sebitleýin okuw türgenleşigini geçen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň işgärleri, Halkara söwda merkeziniň milli bilermeni jenap Arslan Joraýewiň ýardamçylygynda geçirdiler. Okuwa Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Balkan welaýat gümrükhanasyna degişli bolan gümrük nokatlarynyň işgärleri gatnaşdy. 

Okuw çäresi iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölegi Gender deňligi we serhetüsti söwdada zenanlar ady bilen geçirildi. Okuw çäresiniň birinji böleginiň barşynda gatnaşyjylar gender deňligi we onuň jemgyýetdäki orny barada giňişleýin maglumat aldylar, geder meseleleriniň söwda bilen arabaglanyşygyny öwrendiler. Ikinji böleginiň dowamynda, gender meselelerini göz öňünde tutmak bilen, serhetüsti söwdany üpjün etmekde döwlet işgärleriniň orny barada gürrüň edildi.

Okuwyň netijesi boýunça her bir gatnaşyja, serhetüsti söwdada gender deňligi meselesine bagyşlanan möhüm meseleleri boýunça zerur maglumatlary we usulyýet gollanmalary gowşuryldy.

Balkan welaýat gümrükhanasynyň işgärleri üçin geçirilen bu okuw çäresi beýleki welaýat gümrükhanalarynyň işgärleri üçin hem meýilleşdirilen şeýle okuw çärelerine badalga berdi.