Gümrük habarlary

Halkara serhetüsti söwdada gender deňligi barada maslahat Lebap welaýat gümrükhanasynda geçirildi
20 Awg
Halkara serhetüsti söwdada gender deňligi barada maslahat Lebap welaýat gümrükhanasynda geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy awgustynda, Halkara söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Halkara serhetüsti söwdada gender deňligi barada okuw çäresi geçirildi. 

Çäre, Halkara söwda merkeziniň guramagynda sebitleýin okuw türgenleşigini geçip, ygtyýarnama alan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan geçirildi. 

Gatnaşyjylar gender deňligi we onuň jemgyýetdäki orny, geder meseleleriniň söwda bilen arabaglanyşygy, gender meselelerini göz öňünde tutmak bilen, serhetüsti söwdany üpjün etmekde döwlet işgärleriniň orny barada giňişleýin maglumatlaryň ähmiýetini we peýdasyny bellediler.

Öň habar berilişi ýaly şeýle okuw çäresi Balkan welaýat gümrükhanasynda hem geçirildi. Bu okuw çäreleriniň Halkara söwda merkeziniň «Ready4Trade Merkezi Aziýa» sebitleýin taslamasynyň gender boýunça komponentiniň çäginde geçirilendigini, şeýle hem bu taslamanyň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýändigini ýatladýarys.