Gümrük habarlary

Demir ýolda daşalýan ýüklere gümrük düzgünleşdirilişiniň täze tertibi tassyklandy
23 Awg
Demir ýolda daşalýan ýüklere gümrük düzgünleşdirilişiniň täze tertibi tassyklandy

Türkmenistanda demir ýol ulagy arkaly ýurduň serhetlerini kesip geçýän harytlaryň we konteýnerleriň gümrük düzgünleşdirilişiniň tertibi tassyklandy. Bu baradaky maglumat Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň minjust.gov.tm saýtynda ýerleşdirildi.

Resminama demir ýol ulagy arkaly daşalýan ýüklere Türkmenistanyň gümrük çägine girende hem-de çykanda gümrük gözegçiligini amala aşyrmagyň umumy düzgünlerini kadalaşdyrýar.