Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
4 Sen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler ýaly meseleleri girizmek göz öňünde tutulýar.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bu ugurda Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy waka boljak Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Häzirki taryhy döwürde milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlylygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz  bular barada aýdyp, Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli meseleleri öz wagtynda we toplumlaýyn çözmegiň ähmiýetini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow döwlet eýeçiligini netijeli dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere laýyklykda, degişli sanaw taýýarlanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlislerinde degişli desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi. Bu sanawa “Türkmengaz” döwlet konserni boýunça 5 desga, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 3 desga, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 1 desga hem-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desga girizildi. Olary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleriň, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga hem-de desgalary hususylaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi ösdürmäge, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz bu ulgamdaky işi dowam etmegiň wajypdygyny belläp, hususylaşdyrmaga teklip edilýän döwlet desgalarynyň maksadalaýyklygyny ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bellenen meýilnamalaryň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän nebit önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi.

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.

Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilen işleri makullap, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda bellenen wezipeleri çözmek babatda pudagyň önümçilik düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ideg etmek işleri bilen bir hatarda, pagta ýygymyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde ýurdumyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalarda hem-de pagta kabul ediş harmanhanalarynda hasyly bökdençsiz kabul etmek üçin hemme şertler döredildi. Şeýle hem bu möwsümde pagta ýygýan kombaýnlar hem-de ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglary, traktorlar we traktor tirkegleri netijeli ulanylar.

Pagta ýygymy möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan ýörite toparlar döredilip, olar zerur bolan enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilýär.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylynyň öndürilmegi bolsa dokma senagaty pudagymyzy gymmatly pagta önümleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilýär. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap almak merdana daýhanlarymyzyň esasy wezipesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna hem-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Milli Liderimiz hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Harmanyňyza bereket, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde, hususan-da, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini çekmek bilen, import we eksport ugurly önümçiligi giňeltmek boýunça görülýän çäreler hasabatyň esasyny düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda telekeçiligiň ornuny has-da giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek barada tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Sarp edijileriň islegini yzygiderli öwrenip durmaly hem-de şonuň esasynda ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini giňeltmek we möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmeli. Şeýle hem häzirki zaman marketinginiň gurallaryny ulanyp, öz önümlerimizi daşarky bazarlara işjeň çykarmak möhümdir diýip, milli Liderimiz degişli ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini güýçlendirmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tarapyndan hususy pudaga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldawyň beriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň işewürlerine birnäçe iri taslamalary amala aşyrmagyň ynanylandygyny, olaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, paýtagtymyzda birnäçe desgalaryň, şol sanda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu desgany 16-njy sentýabrda açmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýar. Munuň özi Hökümet münberinde geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň köpöwüşginli bolmagyny üpjün eder hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanýandygyny alamatlandyrar. Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 16-njy sentýabrda günüň haýsy wagtynda açylyş dabarasyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanymyza ýüz tutdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn wagtda Aşgabadyň binagärlik toplumyny ýene-de bir desganyň — Hökümet münberiniň binasynyň bezejekdigini belledi. Bu ýerde giň gerimli dabaralar, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäreler geçiriler.

Milli Liderimiz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere 16-njy sentýabrda Hökümet münberiniň açylyş dabarasyny geçirmegiň takyk wagtyny kesgitlemek barada degişli teklibi taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek hakyndaky» hem-de «Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararlaryň taslamalary hakynda hasabat berdi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” hem-de “Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan degişli çäreler görülýär.

Maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiziň garamagyna «Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararyň taslamasy hem hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň hem-de pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgama geçmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmegi, degişli düzümiň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem ýokary derejeli sürüjileri taýýarlamak, awtomekdepleriň işine sanly tehnologiýalary hem-de innowasion enjamlary giňden çekmek boýunça görülýän çäreleriň ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we resminamalarda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisi jemläp, şu gün döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.