Habarlar

Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
6 Sen
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Maltanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiabenzini we awiakerosini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna BAE-niň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň işewürlerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Pakistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 853 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 4 million 712 müň manatlyk plastik poddonlary, şeýle hem bahasy ABŞ-nyň 100 müň dollaryna golaý bolan portlandsementi satyn aldylar.