Gümrük habarlary

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna ykdysadyýet durnukly ösüşleriň ýolunda
15 Sen
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna ykdysadyýet durnukly ösüşleriň ýolunda

Ykdysadyýetiň gülläp ösýän ýerinde ýaşaýyş-durmuş ähli taraplaýyn ösüp ugraýar. Munuň şeýledigine Berkarar döwletimiziň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Türkmenistanyň kuwwatly ykdysadyýeti kemala geldi. Garaşsyz ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň işläp düzen ykdysady strategiýasyna laýyklykda öňe tarap ynamly gadam urýar, öz Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýar. Syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşleriň ähli ugurlarynda gazanylýan ýokary sepgitler döwletimiziň täze taryhynda buýsançly sahypalary ýazýar. Dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan kynçylyklara seretmezden durnukly ösüş häsiýetini saklaýar. Ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuşyny häzirkisinden hem gowulandyrmak üçin milli Liderimiz tarapyndan taýýarlanylýan milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.  

Ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan, Amyderýanyň boýunda ýerleşen gadymy Lebap welaýatynda hem milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşýan işleriň gerimi giňelýär. Sebitde diňe soňky ýyllarda il-ýurt ähmiýetli ululy-kiçili desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berildi, olaryň birnäçesiniň gurluşygy gyzgalaňly dowam edýär. Ynha, ýakynda hem  Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda 2018-nji ýylyň noýabrynda düýbi tutulan kuwwatlylygy 432 MBt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Elektrik toguny öndürýän kuwwatly kärhananyň önümçiligi öňdebaryjy ylmyň we tejribäniň gazananlaryna daýanýar. Ondan sähelçe wagt öňräk bolsa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşy bolup geçdi.

Welaýatda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegine möhüm goşant goşýan, ilatyň durmuşyny düýpgöter üýtgedýän desgalaryň ençemesiniň gurluşygynyň amala aşyrylandygy kanuny guwanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Amyderýanyň üstünden gurlan owadan we kuwwatly demirýol hem-de awtomobil  köprüleri hem sebitdäki özgertmeleriň çaltlanmagynda örän ähmiýetli boldy. 

Welaýatyň çäginde täze kärhanalaryň ençemesi döredililip, täze iş orunlary hem peýda bolýar. Amyderýanyň sag kenarynda kuwwaty 1 million tonna önüm öndürmäge barabar bolan „Lebap“ sement zawodynyň ikinji tapgyrdakysynyň gurluşygyna girişildi.Munuň özi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýene-de artmagyna getirjekdigini görkezýär .   Keramiki-bezeg plitalaryny öndürmäge niýetlenen hususy eýeçilikdäki kiçi zawodlaryň we beýleki ownukly-irili kiçi kärhanalaryň gurluşygy dowam edýär. 

    Welaýatda başga-da göz öňünde tutulýan gurluşyklar üçin zerur bolan önümleri öndürýän dürli kärhanalaryň ulgamy hem döredilýär. Olarda dünýäniň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Welaýatyň gündogarynda Köýten sebitinde çig mal potensialynyň baý gorunyň bolmagy ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşleriniň mümkinçilikleriniň has giňdigini görkezýär. Şu ýerde ýene-de bir il-ýurt bähbitli meseleleriň biriniň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen üstünlikli çözülýändigini, ýagny ýaşlarymyzyň ykdysadyýetimizde bolup geçýän özgertmeler bilen baglanyşykly bilim, hünär öwrenmeklerine hem giň ýollaryň açylýandygyny guwanç bilen aýdasymyz gelýär. Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ýaşlarymyzyň bilim we hünär derejeleriniň kämilligi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň kämil bilim almaklarynyň we zerur bolan hünärleri edinmekleriniň ýurdumyzyň we milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşlerini üpjün edýändigi barada hormatly Prezidentimiz hem şu ýylyň 1-nji sentýabrynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagynda belläp geçipdi.Häzirki wagtda hut welaýatyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ýaş hünärmenleriň müňlerçesi zähmet çekýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan tehnologik özgertmelere laýyklykda ýaş hünärmenleriň taýýarlygynyň hem maksada okgunly alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Lebap welaýatynyň ykdysadyýetiniň dürli  pudaklarynda ornaşdyrylan dünýäniň ösen tehnologiýalary hem bu gün başarnykly  hünärmenleriň ellerinde jemlenýär. Bu bolsa ykdysadyýetde geljekki ösüşlere alnan ugruň örän dogrudygyna güwä geçýär.