Gümrük habarlary

Döwrebap zyýansyzlandyryş desgalary.
20 Sen
Döwrebap zyýansyzlandyryş desgalary.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde giňden ýaýran howply ýokanç keseliniň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleriň hatarynda, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ýaly birnäçe möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Bu uly göwrümli amala aşyrylýan işleriň netijesinde, halkymyz sagdyn we asuda durmuşda ýaşaýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen, ýiti ýokanç keseliniň dünýäde dörän ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ulgamlaýyn esasda işler ýola goýuldy.

Ilkinji nobatda ýurdumyzyň serhet gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ulaglaryň we harytlaryň geçirilmeginiň tertibi düzgünleşdirilip, gümrük nokatlarynda ähli gulluklaryň işleri sazlaşykly ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag logistika strategiýasy boýunça amala aşyrylýan ýük gatnawlarynyň ugurlary boýunça, ýurdumyzyň çägine girýän ýa-da üstaşyr geçýän ähli ulag serişdelerini zyýansyzlandyrmak işleri ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Şular bilen bir hatarda Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň Daşoguz awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Daşoguz awtoýollary» gümrük nokadynda we Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň Köneürgenç awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Köneürgenç» gümrük nokadynda dünýä ülňelerine doly laýyk gelýän zyýansyzlandyryş desgalary guruldy.

Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynda döwrebap gurnalan zyýansyzlandyryş desgalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen, daşary ýurtlardan gelýän ýa-da üstaşyr geçýän ähli ulag serişdeleri, ýagny, awtoulaglar, tirkegler bu desgalarda zyýansyzlandyryş - dezinfeksiýa we fumigasiýa işleri ygtyýarly gulluklaryň hünärmenleri tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.