Habarlar

Döwlet Baştutanymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna 10 sany «Tiz kömek» awtoulagy bermegi belledi
24 Sen
Döwlet Baştutanymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna 10 sany «Tiz kömek» awtoulagy bermegi belledi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza edilýän tiz saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 10 sany “Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel” kysymly awtoulagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna gullukda ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermek bellenildi.