Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
9 Okt
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan şu ýylyň dokuz aýyndaky makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Garalýan döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy.

Seljerilen görkezijileriň netijelerine laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça ýanwar — sentýabr aýlarynda öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy.

Üç çärýekde bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, 16,7 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 12,3 göterim ýokary boldy.

Dokuz aýyň netijeleri boýunça iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haklary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 17,9 milliard manada ýetdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilen 275 desgadan 37-siniň gurluşygy tamamlandy, 165-siniň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýdyp, olaryň bitirýän işleriniň, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady. Olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekendigini aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe olara döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soň, bu kitap oňa gatnaşanlaryň ählisine gowşurylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer S.Toýlyýewe baýramçylyk gününde bu kitabyň lukmanlara paýlanmagyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz biziň alyp barýan syýasatymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygara esaslanýandygyny nygtap, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagty ýetdi diýip hasap edýärin diýip belledi. Bu bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidir, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidir. Sebäbi biziň esasy syýasatymyz «Döwlet adam üçindir!» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.