Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
10 Okt
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy

2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy geçirildi.

Dubaýyň howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň resmi wekilleri mähirli garşy aldylar.

Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Hususan-da, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar iki ýurduň energetika, gazhimiýa we özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan beýleki ugurlary boýunça hyzmatdaşlygynyň aýratyn netijeliligini beýan etdiler. Türkmenistanyň we BAE-niň bu ulgamlardaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenilip geçildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni «EKSPO-2020» Sergi toplumyna tarap ugrady. Mälim bolşy ýaly, Ýakyn Gündogar sebitinde geçirilýän häzirki global ölçegli görkeziş Ýer ýüzüniň ösüşiniň hatyrasyna dürli ýurtlaryň we halklaryň ählumumy birleşmesiniň zerurlygyny öňe sürýär.

Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkeziniň «Al Wasl» meýdançasynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet senasy ýaňlanmagy bilen Türkmenistanyň Milli güni dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş direktory Rimal Al Haşemi hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýokary wezipeli adamlary bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňişleýin açyp görkezýän türkmen pawilýonyny gözden geçirdi. «Ykjamlylyk» bölüminde ýer alan Türkmenistanyň milli pawilýony «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşýan pawilýonlardan özboluşly tapawutlanmak bilen, ol «Ahalteke bedewleri bilen medeniýete syýahat» şygary astynda geçýändir. Pawilýonyň içerki bezegi hem ýurdumyzyň milli şygaryna doly laýyk gelýändir.

Milli pawilýon bilen tanyşlyk wagtynda bu ýere ýygnanlara Türkmenistanyň ulag, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport we medeniýet ulgamlarynda ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi. Döwlet Baştutanymyz türkmen pawilýony bilen tanyşlyga gatnaşyjylaryna ýurdumyzyň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ýokary görkezijilerini giňişleýin beýan etdi.

Döwlet Baştutany şeýle-de BAE-niň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny beýan edýän Birleşen Arap Emirlikleriniň sergi pawilýonyna gelip dostlukly döwletiň sergi bölümi bilen hem tanyşdy.

Sergi bilen tanyşlygyndan soňra, Döwlet Baştutanymyz «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezine tarap ugrady.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezidentimizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek esasynda ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler we onuň has belent derejelere yzygiderli çykarylýandygyny beýan etdiler.

Söhbetdeşler şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlarynda, hususan-da iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine gönükdirilen ykdysadyýet, maýa goýum we ösüş ugurlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň giňişleýin toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasyna hem gol çekildi.