Gümrük habarlary

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody täze önüm öndürmäge girişdi
18 Okt
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody täze önüm öndürmäge girişdi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody täze önüm - kir ýuwmak üçin sabyn öndürip başlady.

Kir ýuwujy sabyny öndürmek üçin zawotda täze önümçilik sehi işe girizildi. Bu önümiň 9,100 sanysy eýýäm öndürilip içerki bazarlara çykaryldy. Täze önüm bolan kir ýuwujy sabynlaryň her biriniň agramy 150 gramdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody mineral dökünleri,öndürýär. Häzirki wagtda bolsa zawod içerki we daşarky bazarlaryň zerurlyklaryna laýyklykda öz alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeltmegi maksat edinýär. Şonuň üçin hem bu ýerde täze önümleri öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýakyn döwürde bu önümi goňşy ýurtlara eksport etmek hem meýilleşdirilýär.

2024-nji ýyla çenli zawotda konsentrirlenen fosfor öndürmek üçin täze önümçilik sehini gurmak meýilleşdirilýär. Bu önüm hem içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýedir.