Gümrük habarlary

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gümrük edaralary harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
1 Noý
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gümrük edaralary harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Degişli Ylalaşyga iki ýurduň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýewiň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň çäginde geçirilen türkmen-gazak gepleşikleriniň dowamynda gol çekdiler.

Ylalaşyk, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramagyň tapgyrlaýyn ädimlerini kesgitleýär. Maglumat alyşmagyň tehniki şertleri boýunça aýratyn resminama gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Deslapky maglumat alyşmagyň maksady iki döwletiň arasynda geçirilýän harytlar babatda gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, gümrük amallaryny amala aşyrmak üçin zerur resminamalaryň sanyny azaltmak, töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamyny ulanmak bilen harytlar barada maglumaty seljermegiň esasynda harytlara gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek bolup durýar.

Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi bilen söwdany ýeňilleşdirilmegine, gümrük amallarynyň çalt amala aşyrylmagynyň hasabyna daşary ykdysady işe gatnaşyjylar üçin amatly şertleri döremegine we Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda gümrük gözegçiliginiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna garaşylýar.